MEDENIÝET

Açyk kosmosda surata düşjek ilkinji aktýor

60 ýaşyndaky aktýor Tom Kruz açyk kosmosda surata düşjek ilkinji aktýor bolar. Onuň surata düşjek täze kino taslamasyna Dug Liman režissýorlyk eder. Filmiň prodýuseri Donna Lengli bu barada habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, filmiň köp bölegi Ýer ýüzünde surata düşüriler. Filmiň esasy wakasy kosmosda surata düşürilip, onda filmiň baş gahrymany dünýäni halas etmek üçin kosmos giňişligine çykar.

– Tom bizi kosmosa alyp barar. Bize örän gyzykly taslama garaşýar. Biz ony Halkara kosmos bekedine alyp baryp, şol ýerde filmiň belli bir bölegi surata düşüriler. Tom açyk kosmosa çykjak ilkinji adaty raýat bolar – diýip, prodýuser belledi.

Bu filmiň taslamasy 2020-nji ýylda orta atyldy. Ýöne pandemiýa meýilnamalaryň üýtgemegine getirdi. “Kosmos çuňlugy” atly iş taslamasynyň bahasy iň azyndan 200 million dollar bolmagyna garaşylýar.

Related posts

Soltan Abdülhamidiň suratlar ýygyndysy sanly ulgamda

Dr.Döwran Orazgylyjov

Tom Henks täze keşpde

2022-nji ýylda “Oskar” baýraklarynyň gysga sanawy yglan edildi

Leave a Comment