DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunyň 18-nji ýyllyk maslahatyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 25–27-nji noýabry aralygynda Marokko Patyşalygynyň Es-Suweýra şäherinde ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunyň 18-nji ýyllyk maslahaty geçirilýär. Bu halkara çärä Aşgabat şäher häkimliginiň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

«Şäherleriň durnukly we inklýuziw ösüşi üçin medeni innowasiýalar» diýen şygar astynda geçirilýän maslahat 53 ýurtdan 123 şäheriň wekillerini, şeýle hem medeniýet, döredijilik senagaty we şähergurluşyk ugurlary boýunça halkara bilermenleri hem-de hünärmenleri bir ýere jemleýär.

ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň tory 2004-nji ýylda medeniýeti we döredijiligi durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edýän şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen döredildi.

Häzirki wagtda bu tor dünýäniň 400-den gowrak şäherini döredijiligiň sekiz ugry boýunça birleşdirýär. Olara binagärlik, senetçilik we halk amaly-haşam sungaty, dizaýn, kino sungaty, gastronomiýa, edebiýat, media sungaty we saz sungaty degişlidir. Toruň işi döredijilik pudaklaryny ösdürmäge, medeni köpdürlüligi gorap saklamaga, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem medeniýeti we döredijiligi şäherleriň durnukly ösüş strategiýalaryna ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Maslahatyň dowamynda şäherleriň durnukly ösüşinde medeniýetiň we döredijiligiň ornuny berkitmek, döredijilik ykdysadyýetini ösdürmek, şähergurluşyk ulgamynda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak, şeýle hem şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berilýär.

Maslahatyň maksatnamasy umumy we tematiki mejlisleri, şäher häkimleriniň forumyny, döredijilik şäherleriniň sergisini, şeýle hem tora agza şäherleriň döredijilik mümkinçiliklerini we medeni köpdürlüligini görkezmäge gönükdirilen medeni çäreleri öz içine alýar.

Tematiki mejlislerde medeni mirasy gorap saklamak, döredijilik başlangyçlaryny goldamak, ýaşlaryň hünär taýdan ösmegi üçin mümkinçilikleri giňeltmek, şeýle hem şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda medeni mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Maslahatyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça agza bolan şäherleriň forumy hem geçirildi. Forumda tejribe alyşmak, şäher dizaýnynyň häzirki zaman ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şäher gurşawyny kemala getirmekde innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak, şeýle hem bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek meselelerine üns berildi.

Aşgabat şäheriniň wekilleriniň bu çärä gatnaşmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hünär gatnaşyklaryny berkitmäge, halkara tejribesini öwrenmäge, şeýle hem Türkmenistanyň binagärlik, dizaýn we şähergurluşyk ugurlarynda gazanan üstünliklerini halkara jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi.

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda, Bütindünýä şäherler gününde, Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna resmi taýdan kabul edildi. Bu dereje türkmen paýtagtynyň döredijilik mümkinçiliklerini, milli binagärlik däplerini döwrebap şähergurluşyk çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşdyrýan özboluşly keşbini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu halkara maslahata gatnaşmagy Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, Aşgabat şäheriniň halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, şeýle hem ýurdumyzyň dizaýn, binagärlik we şäherleriň durnukly ösüşi ugurlaryndaky gazananlaryny dünýä derejesinde wagyz etmäge ýardam edýär.

Related posts

Ýapon Imperatory ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrýar

Saud Arabystanyna 1,5 milliondan gowrak haj zyýaratçysy bardy

Özbegistanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda bolar