BIZNES

Parwiz Şahbazow: «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyna maýa goýumlary boýunça Azerbaýjan Hytaýdan soň ikinji ýerde durýar

Azerbaýjan bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar we ýaşyl energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine itergi berýär.

Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow “X” sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

«Sindaoda geçirilen “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna gatnaşýan ýurtlaryň energetika ministrleriniň IV maslahatynda Azerbaýjanyň bu başlangyjy ilkinji bolup goldan ýurtlaryň biridigini belledik. Şeýle hem başlangyjyň çäklerinde ýurduň içinde we daşary ýurtlarda amala aşyrylan maýa goýumlarynyň möçberi boýunça Azerbaýjan Hytaýyň özünden soň ikinji orunda durýar» diýip, ministr nygtady.

Parwiz Şahbazowyň bellemegine görä, Merkezi Aziýany, Hazar deňzini, Günorta Kawkazy, Türkiýäni we Ýewropany birleşdirýän energetika geçelgeleriniň kemala gelmegi Azerbaýjanyň bu başlangyjyň çäklerindäki ornuny pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.

Related posts

Russiýa rekord girdeji gazandy

Almanya Ziyareti Özel Sektörün Yüzünü Güldürdü

vepa

Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi Kazanda geçiriler