DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Saud Arabystany haj zyýaraty boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekdi

Türkmenistanyň Müftisi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 8-11-nji noýabry aralygynda Jidde şäherinde geçirilýän Altynjy Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda 2027-nji ýylyň haj möwsümine täze hyzmatlary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag, myhmanmahana üpjünçiligi we zyýaratçylaryň howpsuzlygy hem-de olara amatly şertleri döretmek barada pikir alşyldy.

Bu çäräniň çäklerinde 10-njy noýabrda, Sişenbe güni Türkmenistanyň Müftisi R.Gurbanmyradow Saud Arabystanyň Haj we Umra işleri ministriniň orunbasary doktor Abdulfattah bin Sulaýman Maşad bilen duşuşdy. Onda 2027-nji ýylda türkmen raýatlarynyň haj zyýaratyna iberilişini guramak bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2027-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Soňra R.Gurbanmyradow Haj we Umra işleri ministri doktor Tawfik bin Fawzan Al-Rabiah bilen tanyşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda haj möwsüminde zyýaratçylaryň haj parzlaryny berjaý etmegi bilen bagly meselelere seredildi.

Related posts

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Owganystan boýunça ÝB–Merkezi Aziýa dialogyna gatnaşdy

ÝUNISEF Türkmenistana täze ýolbaşçy belledi

Türkmenistan Täjigistandaky halkara kitap sergisine gatnaşýar