Gyrgyzystanda prezident wezipesine dalaşgär bolmak isleýänleriň sany ýedä ýetdi. Baktybek Kalmamatow prezident saýlawlaryna gatnaşmak niýeti bilen Merkezi saýlaw toparyna (MST) arza berdi. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary habar berdi.
«Baktybek Kalmamatow prezident wezipesine dalaşgärligini hödürlemek barada Merkezi saýlaw toparyna arza bilen ýüz tutdy» diýip, edaranyň wekili mälim etdi.
Kalmamatow ozal ýurduň parlamentiniň deputaty bolup işläpdi.
Mundan öň prezident saýlawlaryna gatnaşmak babatda häzirki döwlet Baştutany Sadyr Žaparow, Russiýa-Gyrgyzystan ösüş gaznasynyň dolandyryş geňeşiniň ozalky agzasy Aýmen Kasenow, Çuý welaýatynyň etraplarynyň biriniň ozalky ýolbaşçysy Azamat Esenbekow, Gyrgyzystanyň Maliýe polisiýasynyň ozalky başlygy Syýmyk Žapykeýew, telekeçi Akaý Kydyrow we gyrgyz kommunistleriniň lideri Ishak Masaliýew arza beripdiler.
Gyrgyzystanda prezident saýlawlary 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçiriler. Dalaşgärleri hödürlemek işi 13-nji noýabrda tamamlanar. Şondan soň olaryň resmi taýdan hasaba alynmagy başlanar.
Resmi taýdan hasaba alynmak üçin dalaşgärler saýlawçylaryň azyndan 30 müňüsiniň goluny ýygnamaly we 1 million som (takmynan 11,4 müň ABŞ dollary) möçberinde saýlaw girewini tölemeli.
