BIZNES

Türkmenistan – Awstriýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda dowam edýän “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly Halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde Türkmen – Awstriýa ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm duşuşyk geçirildi.

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy Kristina Şwarz-Fuksyň ýolbaşçylygyndaky işewürler wekiliýeti bilen Türkmen – Awstriýa tegelek stoly geçirildi.

         Duşuşygyň esasy maksady türkmen – awstriýa gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrmak, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri kesgitlemekden ybarat boldy.

         Tegelek stolyň dowamynda türkmen – awstriýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary, ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, özara tejribe alyşmak hem-de işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine üns berildi.

         Şeýle hem ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Duşuşyk iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda netijeli dialogy ösdürmek, özara bähbitli başlangyçlary öňe sürmek we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança boldy.

         Türkmen – awstriýa tegelek stolunyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hem-de milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalarynyň möhüm beýany bolup durýar.

Related posts

YHG-niň ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Ýedidogan : Kraft sumkalarynyň aýratynlyklary

vepa

Türkiýe Ýewropa bilen Russiýanyň arasynda tebigy gaz merkezine öwrülýär