JEMGYÝET

Leýla Aliýewa Arkadag şäherinde «Galkynyş» toparynyň çykyşyna tomaşa etdi

Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa 19-njy oktýabrda Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi.

“Report”yň habar bermegine görä, «Galkynyş» topary çylşyrymly at üstündäki hereketleri ýerine ýetirip, tomaşaçylary öz täsirli we ajaýyp çykyşlary bilen begendirdi.

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň artistleri hem-de akrobatlary gyzykly sahna çykyşlary bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler.

Related posts

Serdar Berdimuhamedowa täze wezipe berildi

Ýun Sok Ýol: Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz täze derejä çykaryldy

Täze tehnikalar milli telewideniýäniň mümkinçiliklerini artdyrar

Ata Watan Eserleri