JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy

Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa 19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen duşuşdy.

“Report”yň habar bermegine görä, Oguljahan Atabaýewa bilelikdäki işleriň netijesinde Azerbaýjan-Türkmenistan doganlyk gatnaşyklarynyň iki gaznanyň derejesinde hem depginli ösýändigini belledi. Ol köp ýurtlarda görkezilen we açylyşy ertir meýilleşdirilýän halkara çeperçilik sergisi bolan MAMA “Ene tebigat” sergisiniň çuňňur mana eýedigini aýtdy.

O. Atabaýewanyň bellemegıne görä, sungat halklary we milletleri birleşdirýän ähliumumy halkara dilidir. Bu sergi diňe bir ruhy-medeni lezzet bermek bilen çäklenmän, eýsem daşky gurşawy goramak meselelerine hem ünsi çekýär.

Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa iki ýurdy birleşdirýän umumy däpleri we medeni mirasy aýratyn nygtady. Ol iki döwletiň hem ýüzbe-ýüz bolýan umumy ekologik meselelerine ünsi çekip, MAMA “Ene tebigat” sergisiniň hut şu meselä jemgyýetiň ünsüni çekmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Leýla Aliýewa her bir adamyň tebigata jogapkärçilikli çemeleşmeginiň we umumy öýümiz bolan planetamyza alada etmeginiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ol Geýdar Aliýew gaznasynyň suw serişdelerini gorap saklamak meselelerine bagyşlanan “Bir damja” taslamasy barada hem belläp geçdi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Video-konferansı çalışma toplantısı: Enerji sektöründe uluslararası yatırım

vepa

Türkmenistan’da 1 Haziran Dünya Çocukları Koruma Günü kutlandı

vepa