ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio “Kun.uz” neşiriniň habarçysynyň sowalyna jogap berip, Amerikanyň Prezidentiniň Özbegistana sapar etmeginiň mümkinçiligi barada pikirini beýan etdi.
Onuň aýtmagyna görä, Waşington geljek ýylyň dowamynda şeýle saparyň geçirilmegi üçin amatly seneleri kesgitlemek meselesiniň üstünde işlemegi meýilleşdirýär. Rubio ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny, şeýle hem Özbegistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Samarkant şäherinde saparda bolýan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio “Kun.uz” neşiriniň habarçysynyň sowalyna jogap berip, Waşington bilen Daşkendiň arasyndaky gatnaşyklarda esasy ünsüň ykdysady mümkinçiliklere we özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilýändigini aýtdy.
— Hormatly Döwlet sekretary, şu gün özbek kärdeşiňiz bilen haýsy möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärsiňiz? Şeýle hem ABŞ-nyň Prezidenti Merkezi Aziýa, hususan-da, Özbegistana haçan sapar etmegi meýilleşdirýär?
— Men Prezidentiň geljekki saparlary bilen bagly meýilnamalary barada düşündiriş berip bilmerin. Meniň pikirimçe, şeýle sapar amala aşyrylsa, biz örän şat bolardyk. Geljek ýylyň dowamynda bu meseläniň üstünde işläp, sapar üçin haýsy seneleriň amatly bolup biljekdigini kesgitlemek isleýäris.
Meniň pikirimçe, mümkinçilik dörän halatynda Prezident bu ýere gelmek islär. Ol bu barada özi hem aýdypdy. Emma Prezidentiň saparlarynyň tertibi barada onuň adyndan çykyş edip bilmerin.
Şu günki gepleşikler barada aýdylanda bolsa, öň hem belläp geçişim ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň çäklerinde ara alyp maslahatlaşmaly meselelerimiz örän köp.
Meniň pikirimçe, dünýäniň beýleki döwletleri ýaly, Özbegistan hem beýleki sebitlerde bolup geçýän wakalar bilen gyzyklanýar, olary üns bilen yzarlaýar we şol wakalaryň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsirine aýratyn üns berýär.
Biz bu ýere gatnaşygymyzy we hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen geldik.
Meniň pikirimçe, hut şu ýagdaý halklarymyzy we döwletlerimizi biri-birine ýakynlaşdyrýar. Bilelikdäki gülläp ösüş ýaly gatnaşyklary berkidýän başga zat ýokdur.
Biz hyzmatdaşlygymyzy hut şu esasda ösdürmegi maksat edinýäris. Şonuň üçin hem biz şu ýere geldik.
