Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşyga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» görnüşdäki alnyp barylýan hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlygy ýola goýmak we onuň işini berkitmek boýunça bilelikdäki tagallalara türkmen tarapy yzygiderli goşant goşýar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň sentýabryndan 2026-njy ýylyň sentýabry aralygynda bu formatyň sekretariatynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen bilelikde başlyklyk edendigini bellemek zerurdyr.
Türkmen tarapy bu sekretariatda başlyklyk eden döwründe bu formatyň çäklerinde anyk mowzugy ilerletmek tejribesini ilkinji bolup ýola goýdy. Has takygy, bu döwürde Türkmenistan formatyň çäklerinde Emeli aňyň mümkinçilikleri bilen bagly mowzugy öňe sürdi.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň başlyklyk eden döwründe, ýagny 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşington şäherinde şu formatyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirildi.
Şu ýylyň 19-njy oktýabrynda bolsa Samarkant şäherinde bu formata gatnaşýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu duşuşyk bilen bagly taýýarlyk işleri barada aýdyldy.
Duşuşykda köptaraplaýyn formatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary babatda türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etmek göz öňünde tutulýar.
Bu duşuşyk bilen bir hatarda, hökümet agzalarynyň we işewürleriň gatnaşmagynda birnäçe ugurlar, hususan-da, sanly tehnologiýalar, bilim we saglyk, wajyp minerallar, energiýa we ulag infrastrukturalary, oba hojalyk we dokma toplumy, maliýe we maýa goýum ýaly ugurlar boýunça işewürler sessiýalary geçiriler.
Bu çäräniň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň dowamynda gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini, şol sanda şu ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky Türkmen-Amerikan syýasy geňeşmelerine taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşmak maksadalaýyk hasaplanylýar.
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky bu formatyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygynyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.
