JEMGYÝET

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen energodialogy ösdürmäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň mejlisinde Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda, energetika, ulag hem-de söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berýändigini aýtdy.

Ýurdumyzyň ýewropaly hyzmatdaşlary dikeldilýän energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga berk çalyşýar we iş ýüzündäki ädimleri amala aşyrmaga taýýardyr» diýip belledi.

Ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň Gündogar-Günbatar hem-de Günbatar-Gündogar ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny döretmegiň esasy bölegidigini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu meselede Hazarüsti ugra uly orun berlip, Türkmenbaşy portunyň kuwwatyny, şeýle hem ýurdumyzdaky ýol ulgamlaryny şu taslama üçin ulanmaga taýýardygyny aýtdy.

Related posts

6 ýyllyk maksatnama: Türkmenistanda meýilleşdirilýän gurluşyklar

“Makul habar” elektron gazetiniň nusgalyk sany neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’ın tarihini anlatan Avrupa sergisi

vepa