JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda biometrik pasport nokady açyldy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Sarahs etrap bölümi işe başlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu barada hususan-da şeýle diýilýär:

Hormatly Sarahs etrabynyň ýaşaýjylary!

2024-nji ýylyň 20-nji sentýabryndan başlap Sarahs etrabynyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Sarahs etrap bölümine ýüz tutmalydygyňyzy habar berýäris.

Salgy: Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň Şeýdaýy köçesiniň 31-nji jaýy.
Telefon: +993(134) 22-2-62  

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümet Başlygyny kabul etdi

100 ýaşly zenanyň 25-nji doglan güni

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Astana: Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet sapary başlanýar