DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti Täjigistanda we Özbegistanda saparda bolar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi Täjigistanda resmi saparda bolar we soňra Özbegistandaky Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana barar.

Ebrahim Raisi Duşenbedäki saparynyň çäklerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Şeýle hem Eýranyň Prezidenti saparyň barşynda Täjigistanyň we Eýranyň işewürler düzüminiň forumyna gatnaşar.

Soňra Ebrahim Raisi Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirijek sammite gatnaşar.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň gurnan agzaçar çäresine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystan boýunça duşuşyga gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Pakistan tarapy Arkadag şäherine ýokary baha berdi