SPORT

Ýewropa ligasynyň kubogyny “Sewilýa” gazandy

Düýn UEFA-nyň Çempionlar ligasyndan soňky 2-nji derejeli ýaryşy bolan Ýewropa ligasynyň final duşuşygy geçirildi. Onda Ispaniýanyň “Sewilýa” bilen Italiýanyň “Roma” toparlary duşuşdy.

Esasy we goşmaça wagty 1:1 tamamlanan duşuşykda ýeňijini we kubogyň eýesini 11 metrlik jerime urgulary mälim etdi. Şonda 4:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Sewilýa” topary 7-nji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy.

Duşuşyk Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherindäki “Puşkaş” stadionynda geçirildi.

Related posts

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

Ýamal dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy

“Mançester Siti” indiki möwsümde oýnar

Leave a Comment