BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 166,9 million dollar boldy

Özbegistan Respublikasynyň Döwlet statistika komitetiniň habaryna görä, 2021-nji ýylyň ýanwar ― aprel aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy jemi 166,9 million dollara ýetdi.

Türkmenistan Özbegistana öz önümlerini umumy bahada 130,5 million dollar bilen iberip berdi. Türkmen tarapy bolsa Özbegistanyň harytlaryny 36,5 million dollara import etdi.

Şu ýylyň ilkinji dört aýynyň netijelerine görä, Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,5 göterim (ýagny 378,8 million dollar) azalandygy görüldi. 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda bu görkeziji 10,32 milliard dollara deň boldy.

 

“TRT” teleýaýlymyndan Aşgabadyň waspyna goşant

 

 

Related posts

Türkmenistan bilen Özbegistan awiagatnawlary dikeltmek isleýär

«Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany bäsleşiginiň jemlerine garaldy

Türkmen-özbek serhedinde geçirilýän ulag sany artdyrylar