BIZNES

«Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany bäsleşiginiň jemlerine garaldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşik boýunça gelip gowşan teklipleri jemlemek  hem-de «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakyndaky» Düzgünnamanyň taslamasyna gaýtadan seretmek boýunça Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Ýygnagyň dowamynda Pudagara iş toparynyň agzalary tarapyndan «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşik boýunça hödürlenen 172 sany  nyşanyň şekillerinden 5 sanysy saýlanyp alyndy we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli diýen netijä gelindi.

Şeýle hem Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakyndaky» Düzgünnamanyň taslamasy boýunça gelip gowşan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olary  Düzgünnamanyň taslamasyna girizmek barada ylalaşyldy.

Related posts

Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy Türkmenistandaky känleriň özleşdirilmegine gyzyklanma bildirýär

Girişimciler Parti adayı: Türkmenistan ekonomisini çeşitlendireceğiz

vepa

GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisi Aşgabatda geçiriler