DÜNÝÄ

15-nji iýuldan uçar gatnawlaryna başlamakçy

Russiýa Federasiýasy 15-nji iýuldan başlap, bölekleýin esasda halkara uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maksat edinýär. Bu barada ýurduň metbugat gulluklary awiakompaniýalaryň wekillerine salgylanyp habar berýärler. Ilkinji tapgyrda 15 ýurda gatnawlary başlamak göz öňünde tutulýar.
Ilkibaşda Russiýa Federasiýasy serhetleşýän Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlary bilen serhetlerini açmagy meýilleşdirýär. Täjirçilik maksatly awia gatnawlary dünýäniň ähli ýurdy bilen amala aşyrmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.
Halkara gatnawlary ilkinji tapgyrda iri awiakompaniýalar bilen başlamak meýilleşdirilýär. Bu gatnawlarda arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi esasy şert bolup durýar.
Russiýa koronawirus ýokanjy sebäpli mart aýynyň ahyrynda ähli halkara gatnawlaryny ýatyrdy.

Related posts

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklar ösdüriler

Milli Liderimiz Emomali Rahmona gutlag hatyny iberdi

BMG-niň Ýokary derejeli bilermenler missiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Ata Watan Eserleri