TEHNOLOGIÝA

Ýubileý ýyla bagyşlanan telefon

“Xiaomi” kompaniýasy “Mi 10 Ultra” akylly telefony yglan etdi. Kompaniýa muny “Twitter” hasabynda ýaýlyma beren çykyşynda belläp geçdi. Enjam markanyň 10 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn çäräniň çäginde hödürlendi. Akylly telefon, 8 gigabaýt RAM we 128 gigabaýt iç ýadyndan Snapdragon 865 çipe eýe boldy. Enjamyň iň ýokarky görnüşinde 16 gigabaýt RAM we 512 gigabaýt ROM bolar.

“Mi 10 Ultra” -nyň arka tarapynda 48, 48, 12 we 20 megapikselli dört linzaly kamera bar. Kamera sekuntda 30 kadrda 8K durulykda ýa-da sekuntda 60 kadrda 4K durulykda wideo ýazga almaga mümkinçilik berýär.

Akylly telefon 120 watt kuwwatly zarýad bermek üçin 4500 milliampere-sagatlyk batareýa aldy. “Xiaomi”-yň pikiriçe, enjamy doly zarýadlamak üçin 25 minut gerek. Enjam simsiz zarýad beriş görnüşlerini hem goldaýar.

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi