JEMGYÝET

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna täze baş sekretar saýlandy

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husseýn Ibrahim Taha hormatly Prezidentimize hat iberdi. Ol şol hatynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary wezipesine resmi taýdan girişendigini belleýär.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

– Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary wezipesine resmi taýdan girişendigim barada Size habar bermek meniň üçin uly hormatdyr.

Bildiren ynamyňyz üçin Siziň Alyhezretiňize buýsanç we hoşallyk duýgularyny beýan edýärin hem-de YHG-niň agza ýurtlarynyň hem-de tutuş musulman ymmatynyň bähbidine guramany yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigime ynandyrýaryn.

Siziň parasatly maslahatlaryňyzyň bu asylly maksatlara ýetmekde hemişe döredijiligiň çeşmesi bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiziň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wezipeleriniň oňyn çözülmegine ýardam etjek maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine goldaw bermegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

 

Türkmenistan bilen Özbegistan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi