JEMGYÝET

ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň Aşgabatdaky ilkinji duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda myhman Türkmenistana bu gezekki saparynyň ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak bilen baglydygyny bellemek bilen, bu maslahatlaşmalaryň öňde durýan möhüm meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga itergi berjekdigini aýtdy.

Şeýle hem häzirki wagtda gender deňligini üpjün etmegiň, zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmagyň ÝHHG-niň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridigine ünsi çekmek bilen, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly tejribäni paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

2026;Hepdelik täleýnama (27-nji aprel-03-nji maý)

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy