SPORT

Ýewropanyň iň wepaly futbolçysy

Russiýanyň SSKA toparynyň derwezebany  Igor Akinfeýew Ýewropanyň öňdebaryjy we  iň gowy 10 ligasynyň arasynda öz toparyna iň wepaly futbolçylaryň sanawynda birinji  orny eýeledi.

Bu derwezeban 18 ýyl, 7 aý we 10 günden bäri bu toparyň derwezesini gorap gelýär. Umuman alanyňda, SSKA toparynyň düzüminde 677 duşuşykda çykyş etdi. Şol duşuşyklaryň 208-sinde derwezesinden pökgi geçirtmedi. Oýunçynyň topar bilen şertnamasy geljek ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.

Bu sanawda ikinji orny Londonyň “West Hem” toparynyň ýarymgoragçysy Mark Nobl eýeledi. Ol 17 ýyl, 7 aý 20 günden bäri bu toparda çykyş edýär. Üçünji orny birnade 3 futbolçy eýeledi. Olar öz toparlarynda 11 ýyl 16 aý 11 günden bäri oýnap gelýär. Bu futbolçylar degişlilikde Italiýanyň “Sassuolo” toparyndan  Françesko Manýanelli, Ispaniýanyň “Osasuna” toparyndan Oýer we Italiýanyň “Ýuwentus” toparyndan Jorjo Kýellini.

Bu baradaky maglumatlary “Sport Bible” neşiri taýýarlady.

 

Messi Parižiň nyşanyna öwrüldi

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy