JEMGYÝET

Ýaşlaryň habar saýty işläp başlady: TÜRKMENISTAN HABAR

Dünýäniň internet tor ulgamyndaky ornuny has-da berkidýän Türkmenistan döwletimizde internet ulgamynda hereket edýän neşirleriň sany yzygiderli artýar. Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek konsepsiýasyna laýyklykda, döwürleýin neşirleriň web sahypasy döredildi, täze internet neşirleri giň okyjylar köpçüligine hyzmat edip başlady.

Ýurdumyzda “Orient.tm”, “Türkmenportal.com”, “Ussatnews.com”, “Arzuw.news”, “Ashgabat.in”, “Turkmenmetbugat.gov.tm”, “Atavatan-turkmenistan.com” ýaly internet neşirleri dürli dillerde taýýarlap, okyjylar köpçüligine hödürleýän habarlardyr, söhbetdeşlikleri hem-de dürli mowzukly makalalar toplumy bilen uly ýaşdan kiçi ýaşa çenli ähli jemgyýetçilik toparlarynda uly gyzyklanma döretdi.

Ine, şeýle döwürde internetiň giň mümkinçiliklerinden ýerlikli hem-de netijeli peýdalanmak bilen, türkmen ýaşlaryna niýetläp, “Türkmenistan Habar” saýty hem öz işine başlady. 10.10.2020-nji ýylyň 10 sagat 10 minutynda öz işine başlan bu internet saýty Türkmenistandaky habarlar, şeýle hem dünýäde bolup geçýän, ýagny sportda, tehnologiýada, edebiýatda, medeniýetde, kinoda, biznesde we beýleki ugurlardaky täzelikler bilen tanyşmak üçin esasy web saýtlarynyň birine öwrüler.

Täze internet habar saýty ata Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini, dünýädäki dürli ugurlardaky gyzykly habarlary türkmen dilinde okamak üçin amatlylygy bilen tapawutlanýar. Aglabasy ýaşlardan ybarat döredijilik topary yhlasly zähmeti bilen gysga wagtda bu internet saýtyny ýaşlaryň söýgüli web portalyna öwürmek ugrunda tagalla etmegi maksat edinipdirler.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty öz işine başlan Türkmenistan Habar (www.turkmenistanhabar.com) internet saýtyna uly üstünlikler arzuw edip, täze internet neşiri bilen Ata Watanymyz baradaky habarlary dünýäniň halk köpçüligine ýetirmekde hyzmatdaşlyk etjekdigimize berk ynanýarys!

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşýar

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Russiýa» daşary işler ministrleriniň 9-njy duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: “Galkynyş” gaz käniniň IV tapgyrynda 1041 sany täze iş orny dörär

Hytaýyň wise-premýeri: “Galkynyş” gaz käni türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň hyzmatdaşlygy boýunça ähtnama gol çekdi