BIZNES

Ýaşlara bagyşlanan ylmy-amaly sergi geçiriler

2023-nji ─ «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýyl Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň has-da dabaralanmagynyň alamatyna öwrüldi.  Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigi barada aýdyp, bu dabarada ýylyň dowamynda Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlaryň gazanan üstünlikleriniň jeminiň jemleniljekdigini belledi.

Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna gelip, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» jemlerine bagyşlanan ylmy-amaly sergisini guramaçylykly geçirmek bilen bagly meselelere seretdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 2-523 belgili ylalaşygyna laýyklykda, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» jemlerine bagyşlanan ylmy-amaly sergisini 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasyndaky sergi zalynda geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» jemlerine bagyşlanan  ylmy-amaly sergisiniň örän ýokary derejede guralmagy bilen bagly ähli zerur işler  alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi