BILIM

Ýaş hünärmenleriň girdeji salgydy ýeňilleşdiriler

Ýurdumyzda ýaşlaryň tehnologik ösüşden yza galmazlygy, döwrebap hünärleri ele almaklary, nazary bilimlerini kämilleşdirmekleri, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklary, sanly tehnologiýalary özleşdirmekleri, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 35-nji maddasynyň 6-njy bendinden soň, 7-nji bendi goşmak, ýagny bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň 1-nji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, 2-nji we 3-nji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemeginiň tertibini kesgitlemek teklip edildi.

 

Ýaşlary telekeçilige höweslendirmek göz öňünde tutular

Related posts

Türkmen okuwçylary Singapurdaky halkara olimpiadada 6 medal gazandylar

Magistr-2022: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi