SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Wýetnam syýahatçylyga açylýar

Wýetnamyň iň uly adalarynyň biri bolan Fukuok adasyny geljek aýdan daşary ýurtly syýahatçylara açmagy meýilleşdirýär. Ýurduň ýolbaşçy düzümi bu ýurduň koronawirus pandemiýasy sebäpli ejir çekýän ykdysadyýetini dikeltmegiň ýollaryna seredýändigini aýtdy. Ýurduň hökümeti bu barada beren beýanatynda: “Kambojanyň kenaryndan 10 km (6 mil) uzaklykda ýerleşýän bu adanyň synag möhleti bilen alty aýlap açylmagyna garaşylýar” diýip, habar berdi.

Syýahatçylyk girdejisi ýylyna 31 milliard dollara ýetýän Wýetnama 2019-njy ýylda daşary ýurtdan gelenleriň sany 18 milliondan azaldy we geçen ýyl 3,8 milliona ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, soňky aýlardaky çäklendirmeler pudagyň işiniň peselmegine sebäp boldy.

Syýahatçylyk ministrligi: “Wýetnam açylmazdan ozal Fukuokadaky ähli ýaşaýjylara sanjym eder we adada ýeterlik COVID-19 karantin we bejeriş desgalarynyň bar”, diýip aýtdy.

 

Ýurdumyzyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy

Related posts

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

Otly petekleri: 15 gün öňünden onlaýn almak bolar

Ata Watan Eserleri

Sungatyñ we stiliň sazlaşýan ýeri bolan Stambulda bazarlamagyñ ruhy lezzeti

Ata Watan Eserleri