BILIM

«Wozroždeniýe» abatlady, gubernatordan sowgat geldi

Aşgabat şäherinde ýerleşýän A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň bilim işgärleri we okuwçylary täze okuw ýylyny düýpli abatlanan synp otaglarynda garşyladylar. Tomus dynç alyş döwründe mekdep Russiýa Federasiýansynyň hökümetiniň görkezmesi bilen düýpli abatlanyldy. Abatlaýyş işleri «Wozroždeniýe» rus kompaniýasy tarapyndan geçirildi. «Gazprom» paýdarlar jemgyýeti bolsa bu işleriň hemaýatkäri boldy.

Mekdepde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli şu gün geçirilen dabara Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi A.W.Blohin hem gatnaşdy. Ol mekdebiň mugalymlarydyr okuwçylaryna ajaýyp sowgady gowşurdy. Bu sowgat robot tehnologiýasy esasynda işleýän döwrebap okuw enjamlarydyr. Olary Sankt-Peterburgyň gubernatory A.D.Beglow ýörite ugratdy.

Bular barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Related posts

Täze Sanawdaky Bahçeşehir Uniwersitetinde Bilim Almak

“Ýazuw sungaty” kitaby türk dilinde

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi