JEMGYÝET

Wise-premýer S.Berdimuhamedow Tatarystanda iş saparynda bolýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada “tatar-inform.ru” saýty habar berýär.

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde rus tarapy Türkmenistany bu geňeşiň mejlisine gatnaşmaga çagyrypdy.

Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Tatarystanyň Kazan şäherine Russiýanyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzade, Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Ulukbek Maripow, Belarusyň Premýer-ministri Roman Golowçenko hem-de Ermenistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nikol Paşinýan geldi.

Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisinde guramanyň çäklerinde senagat hyzmatdaşlygynyň 2025-nji ýyla çenli ösdürmegiň esasy ugurlary hem-de guramanyň çäklerinde organiki oba hojalyk önümleriniň erkin hereket etmeginiň ýol kartasyny ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýewraziýa ykdysady geňeşi – sebit ykdysady integrasiýasynyň halkara guramasydyr. Onuň düzümine Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan girýär. Moldowa, Özbegistan we Kuba guramanyň synçy agzalarydyr. Bu guramanyň düzümine Eýranyň hem agzalyga kabul edilmegi babatda gepleşikler geçirilýär.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy

 

 

 

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar