MEDENIÝET

Wenada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bolar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Wena şäheriniň häkiminiň wekili, Wena şäher geňeşiniň agzasy we Wena prowinsiýa parlаmentiniň agzasy Omar Al-Rawiniň ýolbaşçylygynda  Aşgabada sapar bilen gelen Wenanyň wekiliýeti, şeýle hem Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty myhmanlary 11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde bäşinji Wena balynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem şu gün “Galkynyş” Türkmen-Awstriýa simfoniki orkestriniň konsertiniň geçiriljekdigi bellenildi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada hem nygtaldy.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli amala aşyrylýandygyny hem-de bu ugurda iki ýurduň işewür toparlarynyň üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler.

Aşgabatda Wena balynyň geçirilmegi, şeýle hem “Galkynyş” simfoniki orkestriniň çykyşlary ýaly bilelikdäki çäreler arkaly medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary has hem giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şu aýyň ortasynda Wenada geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti iki ýurduň arasyndaky medeni dialogynda ýene-de bir möhüm waka bolar.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär