DÜNÝÄ

Wan I täzeden Hytaýyň daşary işler ministri boldy

Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Sin Gan eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä gaýtadan Wan I bellendi. Ol mundan ozal Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça kanselýariýasynyň başlygy wezipesini alyp barýar.

Mälim bolşy ýaly, ozalky daşary işler ministri Sin Gan 2022-nji ýylyň 30-njy dekabrynda bu wezipä bellenipdi. Ol mundan ozal, Hytaýyň ABŞ-daky ilçisi wezipesinde işläpdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň ozalky daşary işler ministri Wan I gaýtadan bu wezipä bellendi. Ol mundan ozal, 2013-nji ýyldan bäri bu wezipäni eýeläp gelipdi. Bu wezipä Sin Gan bellenenden soňra, Wan I Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň düzümine geçirlipdi.

Ozal hem 9 ýyl daşary işler ministri wezipesini eýelän Wan I ýurduň möhüm hem-de tejribeli syýasy işgärleriniň biridir. Ol oktýarb aýynda 70 ýaşaýar.

Related posts

Türkmenistan zähmet ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Cumhurbaşkanlığı Seçimleri İçin İnternet Sitesi Açıldı

vepa

Raýatsyzlygy ýok etmek babatda netijeli hyzmatdaşlyk

Leave a Comment