JEMGYÝET

Ussa «söýýän» smartfonlar

Durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip giden smartfonlar barada her dürli sanaw düzülýär. Olaryň käbirinde iň geçginlileri, käbirinde zarýad köp saklap bilýänleri, başga birlerinde bolsa bahasy boýunça elýeterlileri hatarlanylýar. Ýakynda bolsa halkara bilermenler ussalaryň ýygy-ýygydan bejermeli bolýan smartfonlarynyň hem sanawyny düzdüler. Ýöne bu sanawyň ýoly hili bilen baglydygyny öňe sürüp bolmaz. Çünki has köp ulanylýan smartfonlar ussalar bilen şonça köp ýüzbe-ýüz bolmaly bolýar.

Has köp bejergi zerur bolan telefonlaryň 33 göterimi «Apple» kompaniýasyna degişli. «iPhone 6», «5S», «5» we «6S» şol 33 göterimi emele getirýän esasy smartfonlardyr. Soňky orunda biziň söýgüli «Samsunglarymyz» bar. «A5», «S3» we «A3» ussa «söýýän» «Samsunglaryň» sanawynyň başynda gelýär. Sanaw «Huawei Nova 2», «Honor 8», «Xiaomi Redmi Note 4» we «Redmi 4X» bilen dowam edýär.

«Apple» kompaniýasynyň telefonlarynda iň kän gabat gelinýän näsazlyk batareýa bilen baglydyr. Şeýle hem Hytaý brendlerinde ekran, «Samsunglarda» bolsa telefonyň daşky süňňi has köp ejir çekýär.

 

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler