BIZNES

Ulag we kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binagärlik we şähergurluşyk keşbini kemala getirmek, şeýle hem ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärlerine satmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary bolan, 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglanyşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň aprel aýynda başlamak hem-de ýaşaýyş jaý toplumyny 2024-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 

Hytaý Gyrgyzystanda Gün elektrik bekedini gurar

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler