JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary BAE-niň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana dogany Şeýh Saýid bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdiler.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin, merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!” diýlip, gynanç hatlarynda beýan edilýär.

Şeýle hem merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden duýgudaşlyk sözleri beýan edildi.

Related posts

Dandanakan’da Alabay köpeğinin heykeli bulundu

vepa

Hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary bilen ugrady

Aşgabatda “Stambul prosessiň” tehniki toparlaryň duşuşygy geçirildi

vepa

Leave a Comment