DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, iň ýokary döwlet derejesinde saparlary taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns berildi.

Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki özara gatnaşyklaryna garadylar.

Mundan başga-da, ministrler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek barada pikir alyşdylar.

Related posts

Özbegistan we Günorta Koreýa $12 milliardlyk täze taslamalary taýýarlady

23-nji mart Bütindünýä meteorologiýa güni

Dr.Döwran Orazgylyjov

Döwlet migrasiýa gullugynyň Tejen etrap bölüminiň täze edara binasy açyldy