DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Gyrgyzystanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we sebitara we halkara gün tertibine degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Hususan-da, 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň bu maslahata gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarynyň bähbitlerini ýokarlandyrmak, sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we durnukly ösüşi ösdürmek üçin ähmiýetini belläp, bu halkara çäräni üstünlikli geçirmegiň möhümdigini aýtdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ministrler türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn we halkara guramalarynyň çäginde has-da çuňlaşdyrmak isleýändiklerini tassykladylar.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy