DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Slowakiýanyň we Wengriýanyň ministrleri bilen telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Péter Siýarto hem-de Slowakiýa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marek Eştok arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

elefon söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we giň ugurlar boýunça ösüş mümkinçiliklerini maslahat etdiler.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Aşgabatda şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Related posts

Türk deputaty: türkmen-türk gatnaşyklary okgunly ösüşe eýedir

Arzan internet üçin 60 emele hemra iberildi

Duşanbe’de BDT Başbakanlar toplantısı yapıldı

vepa