DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary yza süýşürildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 10-11-nji aprelde Täjigistana amala aşyrjak resmi sapary enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy sebäpli yza süýşürildi. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp, “Asia-Plus” habarlar gullugy habar berýär.

Şeýle hem bu saparyň öňüsyrasynda meýilleşdirilen Türkmenistanyň we Täjigistanyň işewürleriň gatnaşmagynda göz öňünde tutulan Işewürler geňeşiniň mejlisi we işewürler maslahaty hem ýatyryldy.

Şeýle hem Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon türkmen halkynyň Milli Liderine käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy sebäpli çuňňur gynanjyny bildirdi.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşy

2-nji iýul Bütindünýä sport žurnalistleriniň güni

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment