JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň ýurtlaryny ekologiýa hyzmatdaşlygyna çagyrdy

Şu gün Hindistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň 23-nji maslahaty geçirildi. Oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleri Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak işine gatnaşmaga çagyrdy.

TASS habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Türkmenistan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow onlaýn tertipde geçirilen sammitde eden çykyşynda gyzyklanma bildirýän taraplara Türkmenistanyň Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini  döretmek boýunça başlangyjyna gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň düzümine görýän döwletlere howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we ekologiýa ugurlardan bilelikdäki işleri utgaşdyrmagy, şeýle hem ýokayr tehnologiýalar pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin bilelikdäki meýdançany döretmegi teklip etdi. Mundan başga-da, şu we beýleki meseleler boýunça bilermenler derejesinde geňeşmeleriň geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini  döretmek başlangyjy boýunça çykyş edipdi.

 

Related posts

Türkmenistanda 18-nji maýdaky dynç güni 19-njy maýa geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde iş saparynda boldy

Türkmenistanyň bilen IRU-nyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Leave a Comment