DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça döwlet sapary bilen Daşkent şäherine bardy.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Prezidentini Daşkent şäherindäki halkara howa menzilinde ýurduň Premýer-ministri Abdulla Aripow, daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wladimir Norow we Daşkent şäheriniň häkimi Žahongir Artykhojaýew garşy aldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni “Ýangi Özbegistan” seýilgähni bardy we Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentine seýilgäh toplumynyň binägärlik çözgütleri barada giňişleýin maglumat berildi.

Daşkent şäherindäki bu seýilgäh toplumy ýurda gelýän ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň barýan ýerine öwrüldi.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary başlandy

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygyny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Moskwa şäherinde «BMG – 80 oýunlary» atly sport ýaryşlaryna badalga bermek dabarasy geçirildi

Atatürki ýatlama, ýaşlar we sport baýramy Aşgabatda giňden bellendi