JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Mýanmanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Döwlet dolandyryş Geňeşiniň Başlygy, Premýer-ministri Min Aun Hlaýgna ýurduň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

Daşoguz şäherinde täze ýaşaýyş toplumy gurulýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň koronawirus sanjymyna ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri