JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň nebit ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika ulgamynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy bu ulgamyň ösdürilmegine ilkinji derejeli ähmiýet berýärler. Ägirt uly ykdysady we serişde kuwwata eýe bolan hem-de onuň geografiýa taýdan amatly ýerleşýändikleri bilen berkidilen iki goňşy ýurduň geljekde-de deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýändigi bellenildi.

 

Related posts

TMCARS: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Vatandaşlığına kabul edilenlere Pasaport takdimi

vepa

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti açyldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment