JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewany Parlamentara Bileleşigiň nobatdaky mejlisiniň we onuň çäklerinde geçirilýän çäreleriň ýokary derejede guralmagy bilen gutlady.

Şeýle hem döwlet Baştutanlarymyzyň tagallalary bilen soňky ýyllarda Merkezi Aziýa howpsuzlygyň, ylalaşygyň we durnukly ösüşiň sebitine öwürlendigi barada bellenilip, daşary ýurtlaryň, iri halkara guramalaryň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen seýitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky gyzyklanmalaryň artýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda taraplar dürli derejede geçirilýän duşuşyklaryň, çäreleriň sebitleýin we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam edýändigini  bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli dowam etdirilmeginde parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtalyp geçildi.  Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekde bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmegi goldadylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewany 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Related posts

“Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi” atly metbugat maslahaty geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylar

Ata Watan Eserleri

President of Turkmenistan and President of the Union of Chambers and Commodity Exchanges of Turkey discuss prospects for cooperation on TAPI project

vepa