JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda

Ata-babalarymyzyň miras goýan pähim-parasatlaryny hemişe nusga edinmek türkmen halkynyň mukaddes ýörelgesidir. Ýaşululara hormat goýmak, olaryň mertebesini belende götermek pederlerimizden miras galan iň asylly däpleriň biridir. Ýaşulularyň jemgyýetdäki mynasyp ornuny, ösüp gelýän ýaş nesli halallyk, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik ruhunda terbiýelemekdäki hyzmatyny biz şanly taryhymyzda, edebi mirasymyzda, şu günki gündelik durmuşymyzda hem aýdyň görýäris.

Ýaşululary döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek, halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmakda we döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet hem-de durmuş tejribesini peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmeli.

2. Şulary tassyklamaly:

1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasyny;

2) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümini.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 18-nji iýuly.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Prezident Ärdogan: YHG-niň söwda dolanyşygyny 100 milliard dollara çykarmalydyrys

Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komiteti bilen duşuşygy

vepa

Leave a Comment