JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Hyrat welaýatyna sapary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanyň Hyrat welaýatynda saparda boldy. Hyrat welaýatynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttaki sebitdäki gaz geçiriji, demirýol we infrastruktura taslamalary boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Owganystanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Turgundi etrabynda taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasynyň owgan bölegindäki gurluşygyna girişmek, täze demirýol we elektrik geçiriji infrastruktura taslamalary gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurduň dag magdan, nebit, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ýaly pudaklaryň ýolbaşçylary hem bar.

Muttaki özüniň türkmen kärdeşine Owganystanyň TOPH gaz geçirijisi gurluşygy boýunça taýýarlyk işlerini tamamlap, gurluşyga girişmäge taýýardyklaryny belläp geçdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem öz gezeginde Türkmenistanyň Owganystanda täze polat ýoluň we demirýol menziliniň gurluşygyny çaltlandyrmaga taýýardygyny belledi.

Şeýle hem taraplar Nur-ul Jihad podstansiýasynyň elektrik energiýasyny geçirmek babatda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, munuň hem ýakyn wagtda tamamlanjakdygyny belläp geçdiler.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri