Yslamabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we beýleki agza döwletleriň ministrleriniň gatnaşmagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi öz işine başlady.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi 2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda,Pakistanyň wise-premýeri we daşary işler ministri Mohammad Yshak Daryň başlyklyk etmeginde Yslamabatda başlandy.
Mejlise Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bir hatarda YHG-a agza döwletleriň daşary işler ministrleri we ýokary derejeli diplomatlary gatnaşýar.
Gatnaşyjylar guramanyň 10 sany agza döwletiniň arasynda ykdysady, söwda, ulag, energetika we syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça tagallalary ara alyp maslahatlaşylýar.
Şeýle hem mejlisde agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen dowam edýän maksatnamalar we başlangyçlar boýunça pikir alyşmalar geçirilýär.
Mejlisiň dowamynda guramanyň geljek on ýyllyk üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we maksatlaryny kesgitleýän «YHG-niň 2035-nji ýyla çenli Garaýşy» (ECO Vision 2035) resminamasyna hem serediler.
Maslahata YHG-a agza döwletleriň wekillerinden başga-da birnäçe halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Baş sekretarynyň orunbasary we Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynanyşmagy berkitmek çäreleri boýunça geňeşiniň (AÖHYBÇG) Baş direktory gatnaşýar.
Mejlisiň dowamynda YHG-däki başlyklyk Gazagystandan 2026–2027-nji ýyllarda iki ýyl möhlet bilen bu wezipäni eýelejek Pakistana geçiriler.
