DÜNÝÄ

Türkmenistanyň bilim ministri TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçdi. Bu barada Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Bu duşuşykda taraplar Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» we 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi bilen bagly bilelikde geçirilen we geçiriljek çäreler boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşykda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde, türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamagy, öwrenmegi we wagyz etmegi maksat edinýän Türkmenistan bilen TÜRKSOY-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda myhman 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan geçiriljek çäreleriň jemleýji tapgyrlaryna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işjeň gatnaşmagyny teklip etdi.

Türkmenistanyň Bilim ministri TÜRKSOÝ-ň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň oňa goşandyny goşjakdygyny aýtdy.

Related posts

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär

Awazada deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

Serdar Berdimuhamedow bilen Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Ata Watan Eserleri