JEMGYÝET

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde dekabr aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk çärelerine we dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa dekabr aýyndaky esasy medeni çäreleriň hatarynda 15-nji dekabrda Täze ýylyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy, “Ylham” seýilgähinde, Döwlet sirkiniň, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Arkadag şäherindäki “Arkadag” binasynyň öňündäki meýdançalarda, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky “Türkmeniň Ak öýi” binalarynyň öňündäki meýdançalarda medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri bar.

Şeýle hem Aşgabat şäheri bilen welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň arasynda Täze ýyl teleköprüsini guramak, baýramçylyk feýerwerki göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýetip gelýän Täze 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin paýtagtymyzyň esasy medeni ojaklarynda, şaýollarynda, dynç alyş seýilgählerinde, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde Täze ýyl arçalaryny bezemek hem-de beýleki bezeg işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda gender deňligi boýunça täze bäşýyllyk meýilnama tassyklanyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

C5+1: Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň medeniýet ministrini kabul etdi