JEMGYÝET

Türkmenistanda goşa toý – goşa baýramçylyk

Şu gün ýurdumyzda goşa baýramçylyk – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilip geçilýär.

Bo goşa baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň halkyna Gutlag hatyny iberdi. Şol Gutlag hatynda: “Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr.” diýlip bellenilýär.

Toýlary toýlara ulaşýan ýurdumyzda ýene uly toý. Onda-da goşa toý! Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni! Iki mukaddesligiň toýunyň bile gelmeginden çuňňur many tapyp bolar: bularyň ikisi-de döwlet nyşanlary we bularyň ikisi-de bir many-mazmunda, bir uly maksatda birleşýär! Bularyň ikisi-de şanly geçmişimizden güýç alyp döredi. Bularyň ikisi-de döwrümiziň belentligini, agzybirligimizi, abraý-mertebämizi jahana ýaýýar. Bularyň ikisi-de geljegimiziň nuranalygyny alamatlandyrýar.

Baýramçylyk mynasybetli dürli medeni-köpçülikleýin çäreler guralýar, möhüm desgalar ulanmaga berilýär. Goşa toý mynasybetli Kerki etrap kazyýetiniň täze edara binasynyň, Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň üstünden awtoulaglaryň gatnawy üçin gurlan täze köpriniň, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginde diş çotgalaryny öndürýän kärhananyň hem-de beýleki birnäçe desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi.

Mundan başga-da, goşa baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda birnäçe halkara çäreler – Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy üstünliklere beslenip geçirildi.

 

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi