JEMGYÝET

Türkmenistanda aw möwsüminiň çäklendirilmegi barada…

Türkmenistanda aw möwsüminiň ýagdaýy barada bildiriş çap edildi. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap etdi.

Hususan-da, şol bildirişde şeýle diýilýär:

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi dünýäde ýiti sowuklama keselleriniň, şol sanda guş dümewiniň ýaýramagy bilen baglylykda emele gelen ýagdaýy nazara alyp, şeýle hem bu ýokançlaryň ýurdumyzyň ilatynyň arasynda ýaýramagynyň önüni almak maksady bilen, Türkmenistanda 2020-2021-nji ýyllaryň aw möwsüminiň 2021-nji ýylyn 31-nji martyna, ýagny aw möwsüminiň ahyryna çenli ýapyk diýip yglan edilendigi barada habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler bilen baglanyşykly täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda täze habar çap edildi. Şol habardan görnüşi ýaly, COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy.

Şeýle hem Türkmenistanda otly hem-de welaýatara awtobus gatnawlary hem 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli duruzylypdy.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi