DÜNÝÄ

Türkmenistan we Beýik Britaniýa: Owganystandaky ýagdaýlar maslahatlaşyldy

Owganystandaky ýagdaýlar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň DIM-Leriniň wekilleriniň arasynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilmegine görä,  23-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça döwlet ministri, Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýlary, şeýle hem umumy howplara we wehimlere garşy göreşmek meselelerini, halkara hyzmatdaşlygyň syýasy hem-de ynsanperwer ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de bu babatda gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Türkiýäniň Bilim Geňeşligi:resminamalarda onlaýn nobat

Related posts

Halkara guramalaryna başlyklyk edýän ýurtlar

Ata Watan Eserleri

Afganistan’ın Kalkınması Türkmenistan’da Görüşülüyor

vepa

Arkadag şäherinde 30 müň adama niýetlenen metjit gurulýar