DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini gowşurdy

Ýakynda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen heläkçilikli ýer titreme bilen baglanyşykly Türkmenistandan Owganystana iberilen ynsanperwer ýük şu gün Kabula geldi.

Bu çäre, doganlyk halkyň başyna gelen tebigy betbagtçylyga dessin jogap beren Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda geçirildi.

Türkmenistan azyk harytlaryndan, däri-dermanlardan, arassaçylyk önümlerinden, we dürli hojalyk harytlaryndan ybarat bolan jemi 24 tn 700 kg ýük iberdi.

Owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek, köp ýyllaryň dowamynda Türkmen döwleti tarapyndan amala aşyrylýan Owganystana yzygiderli goldaw bermegiň möhüm ugurlarynyň biridir.

 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara gatnawlaryň günleri we wagtlary

Related posts

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ylmy hyzmatdaşlygy ösdürýär

Parlamento seçimleri yabancı gözlemciler takip edecek

vepa

Iň uly 3D älem kartasy döredildi